Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady.
Birnäçe sagatdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Astanada geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşmagy ýurdumyzyň parahatçylygyň, durnuklylygyň we ählumumy howpsuzlygyň bähbidine köptaraplaýyn dialoga ygrarlydygyny nobatdaky gezek tassyklady. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ählumumy kiberhowpsuzlygyň täze arhitekturasyny kemala getirmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary hem-de teklipleri bolsa sammite gatnaşyjylaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi