Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 6-njy noýabrda geçirilen söwdalarda içerki bazaryň wekilleri bilen ýerli önüm öndürijileriň arasynda birnäçe geleşik baglaşyldy.
Söwdalaryň dowamynda türkmen işewürleri Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan öndürilen nah ýüplügini hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň «TPP D 30 S» kysymly polipropilen önümini satyn almak boýunça şertnamalara gol çekdiler.
Birža söwdalarynyň netijesinde jemi 4 geleşik amala aşyrylyp, olaryň umumy bahasy 29 million 262 müň 800 manada deň boldy.
Baglaşylan şertnamalar ýurdumyzyň senagat önümlerine bolan içerki islegiň ýokarlanýandygyny, şeýle hem milli önüm öndürijileriň harytlarynyň bazardaky ornunyň pugtalandyrylýandygyny görkezýär.