Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda 6-njy noýabrda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.
Duşuşykda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 5-nji noýabrda geçirilen sanly mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeler, pudagyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary hem-de geljekki döwürde amala aşyrylmaly işler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hasabat ýygnagyny açan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz pudagynyň ösdürilmegine aýratyn üns berýändigini, önümçilik kuwwatlyklarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, täze tehnologiýalaryň we öňdebaryjy enjamlaryň ornaşdyrylmagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini belledi.
Maslahatyň dowamynda «Türkmennebit», «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçylary tarapyndan ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabatlar diňlenildi.
Çykyşlarda pudagy diwersifikasiýalaşdyrmak, geologiýa-gözleg işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, täze nebit we gaz känlerini ýüze çykarmak, şeýle hem daşary ýurtly öňdebaryjy kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi.
Ýygnakda «Arkadagyň ak ýoly» hökmünde atlandyrylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň Serhetabat — Hyrat böleginiň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyry, «Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmek, gyş möwsüminde önümçilik kuwwatlyklarynyň durnukly işlemegini üpjün etmek, şeýle hem Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara maslahatyň netijeleri boýunça alnyp barylmaly işler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Wise-premýer Guwanç Agajanow pudakda iri taslamalaryň durmuşa geçirilişine gözegçiligi güýçlendirmek, önümçilige häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, ösüş meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişini üpjün etmek we hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça degişli wezipeleri kesgitledi.