744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
23.01.2026
Türkmen geologlary Maryda tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymyny aldylar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň alyp barýan işleriniň netijeliligi Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin diňe bir girdeji çeşmesi däl, eýsem, ýurduň energetika garaşsyzlygynyň hem binýadydyr. Korporasiýanyň «Marynebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň hünärmenleriniň Hazarly meýdançasyndaky 2-nji gözleg guýusyndan tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymyny almagy ýurdumyzyň gaz gorlarynyň artdyrylmagynda nobatdaky ädimdir. Täze gözlegler, Hazarly meýdançasynda alnan bu netije Mary welaýatynyň çägindäki beýleki ýataklaryň hem uly geljeginiň bardygyny subut edýär.

Tebigy gazyň akymyny almak üçin burawlaýjylar birnäçe çylşyrymly tapgyrlary amala aşyrýarlar. Guýudan alynýan gazyň mukdaryny we basyşyny anyklamak üçin degişli ölçeg işleri geçirilýär. Alnan gazyň düzümi laboratoriýa şertlerinde barlanylýar. Tiz wagtda bu guýyny umumy gaz geçiriji ulgamyna birikdirmek boýunça deslapky işlere başlanar.

Hazarly meýdançasyndan alnan bu uly akym Türkmenistanyň bitewi gaz ulgamyna birikdirilmek bilen, hem içerki sarp edijilere, hem-de halkara eksport ugurlaryna uly goldaw berer. Hazarly-2 guýusyndan alynýan gaz Mary welaýatynda ýerleşýändigi sebäpli, ol ýurduň strategik gaz geçirijiler ulgamyna gönüden-göni goşulmaga amatlydyr: Türk­me­nis­tan — Hy­taý gaz ge­çi­ri­ji­si häzirki wagtda iň uly eksport ugrudyr. Mary sebitindäki täze ýataklar bu turbageçirijiniň durnuklylygyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Täze açylýan ýataklar geljekde Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň çig mal binýadynyň has-da berkemegine hyzmat eder. Içerki magistral gaz geçirijiler arkaly bu gaz diňe bir daşary ýurda däl, eýsem, ýurdumyzyň uly senagat kärhanalaryna hem ugradylyp bilner.

«Marynebitgazgözleg» ekspedisiýasy soňky ýyllarda öz tehniki binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrdy. Hazarly-2 guýusy ýaly çuň we ýokary basyşly nokatlarda gazanylan üstünlikler gönüden-göni şol täze tehnologiýalar bilen baglydyr. Bu ekspedisiýanyň ulanýan esasy häzirki zaman buraw tehnologiýalaryna şular degişlidir: ýokary kuwwatly «ZJ-70D» we «ZJ-70 DB» buraw desgalary. Bu desgalar ýeriň 7 müň metre çenli çuňlugyna barmaga ukyplydyr. Türkmen geologlary häzirki wagtda Hytaýda we beýleki ösen döwletlerde öndürilen, sanly ulgam arkaly dolandyrylýan kuwwatly buraw desgalaryny ulanýarlar.

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň geljekki ýyllyk meýilnamalary ýurduň energetika strategiýasynyň aýrylmaz bölegi bolup, ol, esasan, «mawy ýangyjyň» gorlarynyň artdyrylmagyna we sanly geologiýa işleriniň geçirilmegine gönükdirilendir. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň gazanýan bu uly ýeňişleri ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň dabaralanmagydyr. Iş­dä­ki her bir üs­tün­lik — bu Gah­ry­man Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowamata besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly işleriniň, amala aşyrýan energetika strategiýasynyň ajaýyp miwesidir.